Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Dünýä çempionatynyň çykdajylaryny azaltdy


Russiýa myhmanhanalara we infrastruktura ediljek çykdajylary kemeldensoň, 2018-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionaty üçin aýrylan resmi býujetini 500 million amerikan dollary möçberinde azaltdy.

Rus hökümeti dünýäde nebitiň bahasynyň pese gaçmagy bilen dörän ykdysady gapma-garşylygyň netijesinde hökümetiň ençeme pudagyndaky çykdajylary çäklendirýär.

Russiýanyň premýer-ministri Dmitriý Medwedewiň gol goýan karary 22-nji iýunda metbugatda çap edilip, onda Dünýä çempionaty üçin ediljek çykdajylardan 544 million dollar azaldylyp, onuň 11,8 milliard dollara ýetirilendigi habar berilýär.

Aprel aýynda Russiýanyň sport boýunça ministri Witaliý Mutko guruljak myhmanhanalaryň çempionatdan soň boş ýatmagynyň ähtimaldygyny aýdyp, gurulmagy planlaşdyrylýan gymmatbaha myhmanhanalaryň sanynyň öňküsinden azaldyljakdygyny aýdypdy.

XS
SM
MD
LG