Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Parahadyň suw görgüleri


Mikroraýonyň ýaşaýjylary agşama çenli çala akýan suw bilen oňmaly boldular.

Mikroraýonyň ýaşaýjylary agşama çenli çala akýan suw bilen oňmaly boldular.

Aşgabatda paýtagtlylaryň suw bilen üpjünçiligindäki kösençlikler dowam edýär. Geçen hepdäniň anna güni Aşgabadyň Parahat-2 mikroraýonynda bütin gün suw bolmady. Kommunal gulluklarynyň habar bermegine görä, suw beýleki Parahat-1-3-4 mikroraýonlarynda hem bolmandyr.

Anna güni ir bilen kesilen suw ertesi şenbe güni irden berildi. Şonda hem suw o diýen gowy akmaýardy. Mikroraýonyň ýaşaýjylary agşama çenli çala akýan suw bilen oňmaly boldular. Şenbe gijesi kadalaşan suw ertesi gün, ýekşenbe agşamy ýene-de kesildi.

Resmi düşündiriş

Parahat mikroraýonynda suw şu gün hem kesildi. Günortana golaý kesilen suw entegem ýok. Häkimiýetler Parahat mikroraýonyndaky suw üpjünçiligindäki dört güne çeken bökdençlikleri 10 ýyl abadançylyk prospektindäki suw turbasynyň ýarylmagy we onuň çalşylmagy bilen düşündirýärler.

Häzir 10 ýyl abadançylyk köçesiniň Türkmenbaşy we öňki Ýubileý köçeleri bilen aralygynda abatlaýyş işleri alnyp barylýar. Köçe dolulygyna gazylyp, bir tarapy asfaltlanyldy. Beýleki tarapyna bolsa indi asfalt ýazylmaly.

Emma 1-2 hepde mundan ozal hem Parahat mikroraýonynda suw kesilende, edil şunuň ýaly düşündiriş berlipdi.

Parahat mikroraýony paýtagt boýunça iň iri raýonlarlaryň biri. Bu mikroraýonlarda müňlerçe adamlar ýaşaýar.

Mundan başga-da, ilkibaşda suwuň kesilmeginiň sebäbini hem olardan anyklap bomady. Şeýle-de, ýörite awtoulaglar bilen suw daşalmagyny haýyş eden adamlaryň haýyşlary hem berjaý edilmedi.

Kösençlikler

Häkimýetlerden hiç hili ýardam bolmansoň, adamlar ençeme wagt doly suwsuz galdylar. Häzirki yssy howada bu ýagdaý adamlary has-da köseýär. Olar ýuwnup-ardynyp bilmeýärler. Gap-gaçlar ýuwulman galýar. Köpgatly ýaşaýyş jaýlarynda hajathanalar otaglaryň içinde bolansoň, suw bolmadyk ýagdaýynda olardan yakymsyz ys ýaýraýar.

Adamlaryň käbirleri golaýlarynda ýerleşen fontanlardan suw alýan bolsalar, käbirleri dükanlardan 5 litrlik agyz suwuny satyn alýarlar. Käbirleri bolsa ýörite gaplarda ýa-da wannalarynda suw dolduryp goýýarlar.

Ýeri gelende belläp geçsek, suw Parahat mikroraýonyndaky köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň ählisinde diýen ýaly režimli berilýär. Ýagny, irden sagat 6-dan tä sagat 24.00-a çenli suw berilýär. Şondan soň suw kesilýär.

Şol režimli suw hem kadaly berilmeýär. Köplenç ýokarky gatlardaky kwartiralarda suw çala akýar. Üstesine-de, suw aram-aram kesilip durýar. Hususan-da, tomus aýlarynda suwuň peselýändigini ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

Ýogsa, suwuň režimli berilmeginden nägile bolup, ýagdaýy düzetmegi sorap, ýerli ýaşaýjylar ençeme hatlar ýazyp arz-şikaýat edipdirler.

Ýeri gelende aýtsak, gürrüňi edilýän Parahat mikroraýony 2017-nji ýyldaky ”Aziýa oýunlarynyň” geçiriljek Olimpiýa şäherçesiniň golaýynda ýerleşýär. Häzir bu mikroraýondaky ýaşaýyş jaýlarynyň daş keşpleri abatlanýar. Emma şol jaýlaryň suw, elektrik togy bilen üpjünçiligindäki ýüz berýän meseleler entek doly çözülenok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG