Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Ölenleriň sany 450-ä ýetdi


Pakistanyň Karaçi şäherinde howanyň aşa gyzmagy netijesinde günden goranmak maksady bilen köpriniň kölegesinde uklaýan adamlar. 22-nji iýun, 2015 ý.

Pakistanyň Karaçi şäherinde howanyň aşa gyzmagy netijesinde günden goranmak maksady bilen köpriniň kölegesinde uklaýan adamlar. 22-nji iýun, 2015 ý.

Pakistanyň häkimiýetleri ýurduň günortasynda üç gün bäri dowam edýän yssy howa zerarly 450-den gowrak adamyň ölendigini we keselhanalaryň taýýarlyk derejesine getirilendigini habar berýärler.

Pakistanyň iň yssy sebiti – Karaçide geçen hepdäniň ahyrynda howanyň temperaturasy selsiý boýunça 45 gradusy görkezip, bu şäherde ölenleriň sany azyndan 450 adama ýetdi. Başga-da sekizden gowrak adamyň hem günorta Sindh welaýatynyň beýleki böleklerinde heläk bolandygy habar berilýär.

Pakistanda adamlaryň yssy howadan ýogalmagy bilen baglanyşykly waka, onuň goňşusy Hindistanda 2 müňden gowrak adam gyzgyn howadan heläk bolandan bir aý soň boldy.

Karaçi şäheriniň iň uly keselhanasynyň lukmany Semi Jamali gyzgyn howadan ejir çeken 3 müň çemesi näsagy saglyk bejergisi bilen üpjün edendiklerini aýtdy.

XS
SM
MD
LG