Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bütindünýä banky Nepala $500 million kömek berýär


Bütindünýä banky aprel we maý aýlarynda Nepalda 9 müňe golaý adamyň ölmegine sebäp bolan iki ýer titremeden soň, ýurdy gaýtadan gurmaga ýardam bermek maksady bilen ýarym milliard amerikan dollary möçberinde maliýe kömegini berjekdigini wada berdi.

Bütindünýä banky 200 million amerikan dollarynyň ýurduň çetki sebitlerindäki jaýlary gaýtadan gurmaga we 100 million amerikan dollarynyň gönüden-göni Nepalyň hökümetine goýberiljekdigini aýtdy.

Şeýle-de, bank Nepalda gaýtadan abatlaýyş işlerine ünsi artdyrmak maksady bilen başga-da 100 - 200 million amerikan dollary aralygyndaky pul serişdesiniň ýurtda bar bolan proýektlerden täzeden gurmak işlerine ugrukdyrylyp biljekdigini belledi.

Nepal halkara donorlaryndan ýurdy gaýtadan gurmaga ýardam bermegi sorap, şu hepde geçiriljek konferensiýa gatnaşmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG