Sepleriň elýeterliligi

Owgan güýçleri etraby yzyna aldy


Owganystanyň hökümet resmileri üç gün dowam eden çaknyşyklardan soň, owgan güýçleriniň ýurduň demirgazygyndaky etrabyň kontrollygyny “Talyban” söweşijileriniň gözegçiliginden gaýtadan yzyna alandygyny aýdýarlar.

21-nji iýunda bolan ýowuz çaknyşyklardan soň, gozgalaňçylar Gunduz welaýatynyň Çardara etrabyny ele salypdylar. Ýöne 23-nji iýunda owgan häkimiýetleri gürrüňi edilýän etrapdan söweşijileriň gysylyp çykarylandygyny habar berýärler.

Gunduz welaýatynyň häkimi Muhammad Omar Safi: “Şu gün ir bilen bize etrabyň aglaba böleginiň kontrollygyny gaýtadan yzyna almak başartdy” diýdi.

Safiniň aýtmagyna görä, çaknyşyklarda azyndan alty esger, 85 sany gozgalaňçy we parahat ilatdan bir ýaşaýjy heläk bolupdyr.

22-nji iýunda “Talyban” hereketi Gunduz welaýatynyň Daşt-e-Arçi etrabyny hem basyp alypdy. Bu etrap heniz hem “Talybanyň” gözegçiliginde bolmagyna galýar.

XS
SM
MD
LG