Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: türkmen gyzy öz janyna kast etdi


Betbagtçylykda bedenine ýeten agyr şikesler zerarly Altynaý Seýitmedowa hadysanyň bolan ýerinde bada-bat jan berýär.

Betbagtçylykda bedenine ýeten agyr şikesler zerarly Altynaý Seýitmedowa hadysanyň bolan ýerinde bada-bat jan berýär.

Ukrainanyň Harkow şäherinde türkmenistanly bir gyzyň öz janyna kast edendigi habar berilýär.

Ukrainanyň habar serişdeleriniň maglumatynda Harkowyň Inžener-pedagogik akademiýasynyň bäşinji kursunyň talyby Altynaý Seýitmedowanyň ýekşenbe güni umumy ýaşaýyş jaýynyň bäşinji gatynyň aýnasyndan özüni aşak oklandygy aýdylýar.

Ukrainanyň hukuk goraýjylary 21 ýaşly Seýitmedowa bilen bagly bu wakanyň 21-nji iýunda günortan sagat 13:00 töweregi, şäheriň O.Ýaroş köçesiniň ugrunda bolup geçendigini habar berýärler.

Betbagtçylykda bedenine ýeten agyr şikesler zerarly Altynaý Seýitmedowa hadysanyň bolan ýerinde bada-bat jan berýär we bu ýere ýetip gelen ”Tiz kömegiň” lukmanlaryna diňe ölüm faktyny tassyklamak galýar.

Bu wakanyň öňüsyrasy Seýitmedowa döwlet synaglaryny tabşyryp, öýüne – Türkmenistana gitmäge taýýarlyk görýän ekeni.

Gyzyň öz janyna kast etmeginiň sebäpleri bilen bagly, Internetdäki sosial ulgamlarda dürli gürrüňler hem orta atylýar.

Azatlyk Radiosy Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň Harkow welaýaty boýunça Baş müdirligi bilen habarlaşanda, degişli resmiler bu wakany häzirlikçe ýurduň Jenaýat Kodeksiniň 120-nji maddasynyň 1-nji bölümi, ýagny “janyna kast etmäge mejbur etmek” maddasy boýunça häsiýetlendirýändiklerini mälim etdiler.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşliginde polisiýa häkimiýetleri Seýitmedowanyň öz janyna kast etmegi bilen bagly derňew we sorag işleriniň dowam edýändigini aýtdylar.

Ukrain habar serişdeleriniň öz çeşmelerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, Seýitmedowa öz janyna kast etmezinden ozal ejesine ýüzlenip, hat galdyrypdyr. Ýöne, Azatlyk Radiosy bu maglumatyň näderejede ygtybarlydygyny degişli resmilere tassykladyp bilmedi.

Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynda köp sanly türkmenistanly talyplar bilim alýarlar. Ukrainanyň Statistika boýunça döwlet edarsynyň maglumatyna görä, 2012-2013-nji okuw ýylynda ukrain ÝOJ-larynda Türkmenistandan 10,452 adam bilim alypdyr.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG