Sepleriň elýeterliligi

FH: Russiýada demokratiýanyň derejesi pese gaçdy


Russiýa we beýleki awtoritar ýurtlar Ýewropanyň we Ýewraziýanyň käbir sebitlerinde täze demokratiýalary düzgünleşdirmek tagallalaryny böwetlemek üçin agressiw çäreleri amala aşyran mahaly, geçen ýyl Russiýa demokratiýanyň derejesi boýunça soňky 10 ýylyň dowamynda iň pes derejesini görkezdi diýip, “Freedom House” guramasynyň raportynda bellenilýär.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Kiýewe garşy raýat urşuny alyp barýan gündogar Ukrainadaky separatistlere goldaw bermek we Krym ýarymadasyny anneksiýa etmek çäreleri ýurtda demokratiýanyň pese gaçmagyna ýiti täsir ýetirdi diýlip, düýbi Birleşen Ştatlarda ýerleşýän synçy toparyň ýyllyk hasabatynda aýdylýar.

“ençeme ýyllaryň dowamynda Russiýa Ýewraziýa bilen baglanyşykly Freedom House guramasynyň üns merkezindedi” diýip, hasabatyň awtory Sylwana Habdank-Kolaçkowska Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda belledi.

XS
SM
MD
LG