Sepleriň elýeterliligi

“Suw ýetmezçiligi ilatda deňsizlik döredýär”


Daýhan.

Daýhan.

Häzirki wagtda Aşgabadyň käbir etraplarynda ýaşaýjylar agyz suw üpjünçiliginden ejir çekseler, Mary welaýatynyň käbir etraplarynda bolsa, daýhanlar ýa-da kärendeçiler ekin meýdanlarynda suwuň ýetmezçiliginden kösenýärler.

Mary welaýatyndan özüni Orazsähet diýip tanyşdyran pensioner Murgap derýasyndan gelýän suwuň azalandygy sebäpli, uly ýabyň golaýynda ýerleşýän pagta meýdanlaryna dört-bäş gezek, daýhan birleşiginiň çetki sebitlerinde ýerleşýän pagta meýdanlaryna bolsa bir gezek suw berilýändigini aýdýar.

Ol bu ýagdaýyň ilatyň arasynda deňsizligi döredýändigi aýdýar. Bu barada pensioner Orazsähet aga Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG