Sepleriň elýeterliligi

ABŞ kürt söweşijilerini öwýär


Obama adminstrasiýasy 23-nji iýunda kürt söweşijeleriniň Siriýada «Yslam döwleti» toparyna garşy söweşde ilerlemesine ýokary baha berip, bu ýagdaýy Yrakda jeňçi toparyň eýelän ýerlerini yzyna almak tagallalarynda nusga edip görkezdi.

Kürt güýçleri geçen hepde Siriýada bir harby bazany we «Yslam döwletini» daşary ýurt söweşijileri bilen üpjün etmekde esasy rol oýnaýan serhet şäherini ele geçirdiler.

Indi olar Rakka, «Yslam döwletiniň» güýç merkezine golaý ýerleri yzyna alýarlar.

Kürt güýçleri 23-nji iýunda Eýn Issany, Rakkadan 50 km uzaklykdaky şäheri ele geçirdiler.

XS
SM
MD
LG