Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermeni aktiwistleri protesti dowam etdirýär


Polisiýanyň zorlukly basyp ýatyrmalaryna garamazdan, ermeni aktiwistleri elektrik bahalarynyň ýokarlanmagyna garşy başlan protestlerini dowam etdirýärler.

Ýerewanyň merkezine toplanan protestçileriň sany ikinji gije has köpeldi. 23-nji iýun agşamy 7 müň çemesi protestçi Ýerewanyň Azatlyk skwerine toplanyp, prezident köşgüne tarap ýöriş etdi.

Emma protestçiler Bagramýan prospektinde polisiýa güýçleri tarapyndan togtadyldy. Şondan soň olar şäheriň merkezindäki esasy ýoly bagladylar.

Öten agşam ýüzlerçe aktiwist Bagramýan prospektini hem baglady we bu ýer, polisiýa güýçleri bolsa-da, «barrikadaly» galdy.

Demonstrasiýaçylar häkimiýetlerden elektrik bahalaryny gymmatlatmak baradaky kararyň ýatyrylmagyny talap edýärler.

XS
SM
MD
LG