Sepleriň elýeterliligi

Owganystan 'görülmedik' hüjüme uçraýar


Owganystan «talyban» pitneçileriniň, 7 müňden gowrak daşary ýurt söweşijileriniň we beýleki zorlukly toparlaryň, şol sanda «Yslam döwletiniň» görlüp-eşidilmedik ýakynlaşmasy astyndaky hüjüme duçar bolýar diýip, Owganystanyň BMG-däki ilçisi aýtdy.

Zahir Tanin 23-nji iýunda, BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi owgan parlamentine edilen hüjümi ýazgarýan rezolýusiýany kabul etmezinden öň çykyş etdi.

Ol jeňçi toparlaryň ýurduň tutuş etraplaryna we welaýatlaryna kontrolluk etmekçi bolýandyklaryny aýtdy.

"Biziň hasaplamalarymyza görä, Owganystanda 7 müňden gowrak daşary ýurtly terrorçy söweşiji bar, şol sanda çeçenler, özbekler, täjikler we pakistanlylar bar» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG