Sepleriň elýeterliligi

“Titanigiň” kompozitory aradan çykdy


Kompozitory James Horner.

Kompozitory James Horner.

“Titanik”, “Awatar” we beýleki meşhur filmleriň kompozitory James Horner 22-nji iýunda Birleşen Ştatlaryň Kaliforniýa ştatynda uçar heläkçiliginde aradan çykdy. Bu barada “The Hollywood Reporter” neşiri habar berýär.

Bu waka Santa-Barbara sebitiniň 100 kilometr demirgazygynda James Horneriň süren kiçi uçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde boldy. Bu uçar heläkçiligine nämäniň sebäp bolandygy barada maglumat berilmeýär.

Onuň kömekçisi 61 ýaşly kompozitoryň ölendigini tassyklap: “Biz ajaýyp ýürekli we juda zehinli beýik adamy ýitirdik” diýdi.

Kaliforniýa ştatynyň häkimiýetleri Horneriň adyna hasaba alnan uçaryň ýere gaçandygyny, emma pilotyň şahsyýetiniň heniz anyklanmandygyny aýtdy.

Horner 1998-nji ýylda James Kamerunyň (James Cameron) “Titanik” filmine döreden sazy üçin iki ugur boýunça “Oscar” baýragyna eýe bolupdy.

Gürrüňi edilýän filmiň saundtreki “Sony Classical” kompaniýasy tarapyndan çykarylan aýdym-saz albomyna goşulyp, bu albomyň bütin dünýäde 27 million nusgasy satyldy.

Bu saza Will Jennings tarapyndan söz ýazylyp, bu aýdym “My Heart Will Go On” diýlip atlandyryldy. Ol kanadaly aýdymçy Celine Dion tarapyndan ýerine ýetirildi.

XS
SM
MD
LG