Sepleriň elýeterliligi

Nebitdagyň “pristroýka” güzaplary


Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde häkimiýetleriň jaýlara goşmaça sapylan otaglary (pristroýkalary), howlulardaky garažlary, binalaryň gapdallaryndaky barlary ýykyp-ýumurmak kampaniýasynyň öz yzynda galdyran “mirasy” häzirki güne çenli saklanyp galýar.

Ýer-ýegsan edilen binalaryň gurluşyk galyndylaryndan dörän zir-zibil depeleri, tamlaryň ýumrulan diwarlary, harap bolan howlular, çapylan baglar... bularyň ählisi mundan iki ýyl ozal başladylan ýykyp-ýumurmak kampaniýasynyň häzirki netijleri.

2012-nji ýylda Balkanabadyň häkimiýetleri goşmaça otaglary, howlusynda garažy bolan, şeýle-de ýaşaýyş jaýlaryna ýanaşyk edip bar guran raýatlara ýörite görkezme berip, olary sökmegi, ýykmagy buýurdylar.

Bu talaba boýun bolmadyk balkanabatlylaryň emläkleri mejbury ýagdaýda agyr tehnikanyň kömegi bilen weýran edildi.

Şol bir wagtda gürrüňi gidýän ýagdaýlara duçar bolan balkanabatlylaryň ençemesi degişli binany gurmak üçin ilkibaşda häkimlikden ýörite rugsatnama alandyklaryny aýdýarlar.

225-nji kwartalyň ýaşaýjysy Eziz birinji gatdaky jaýyna ýanaşdyryp goşmaça otag gurmak üçin häkimlikden ýörite rugsatnamasynyň bardygyny, emma muňa garamazdan, öz hasabyna guran goşmaça gurluşygynyň ýykylandygyny aýdýar.

“Rugsadyň bardygyna hem seretmediler. ‘Aşgabatdan buýruk şeýle’ diýip, jaýymy ýykdylar” diýip, Eziz gürrüň berýär.

Eziz rugsatnamasyny alyp, polisiýa, häkimlige we prokuratura ýüz tutandygyny, emma hemme ýerde “bolanok” diýen jogaby alandygyny aýdýar.

“Soňy bilen prokuratura rugsatnamamy ýatyrdy. Eger-de arz etmegimi dowam etdirsem, “bikanun gurluşyk” diýen madda bilen iş gozgajakdyklaryny aýtdylar” diýip, Eziz başdan geçiren wakalaryny aýdyp berýär.

Bu aralykda, şäheriň 206-njy “A” kwartalyndaky ýykan-ýumranlyklaryň galyndylarynyň fonunda etrabyň beýleki jaýlaryndan kaşaňlygy bilen tapawutlanýan, bişen kerpiçden galdyrylan uly goşmaça gurluşyga gözüň düşýär.

Bu etrabyň ýaşaýjysy Nepes, eger-de ýerli häkimiýetlere – onuň öz sözi bilen aýdylanda – “bermelisi berilse”, onda öz emlägiňi weýran edilmekden “halas” edip bolýar.

“Häkimlikleriň kesgitlän näresmi tarifleri bar. Pristroýkaňy ýykdyrmajak bolsaň, ululygyna görä 500-1000 dollar aralygynda nyrh kesýärler. Meniň ýaly aýlykdan-aýlyga ýaşap ýörende, bular ýaly pul barmy” diýip, goşmaça otagy weýran edilen Nepes zeýrenýär.

Şol bir wagtda, 208-nji kwartalyň ýaşaýjylarynyň biri Ýunus öz awtoduralgasyny, ýagny garažyny saklap galmak üçin, 600 dollar möçberinde para berendigini aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň, ýokarda gürrüňi edilýän ýagdaýlar boýunça Nebitdagyň degişli häkimlik we prokuratura resmilerinden kommentariý almak synanyşyklary şowsuz boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG