Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO ýaraglanyşygy haýdatmaz


NATO-nyň baş sekretary Jens Stoltenberg 24-nji iýunda ýaranlyk Orsýet bilen ýaraglanyşygy haýdatmaga baş goşmaz diýdi.

Emma ol NATO-nyň Moskwanyň Ukrainadaky agressiw hereketlerine garşy durmalydygyny aýtdy.

Stoltenberg NATO-nyň goranmak ministrleriniň Brýusseldäki maslahatynyň öňünden çykyş edip, biziň edýän zatlarymyzyň ählisi halkara borçlarymyzyň çäginde we diňe goranyş maksatly diýdi. Şeýle-de ol Orsýetiň edýän zatlarynyň goranyşyň çäginden çykandygyny aýtdy:

«Orsýetiň Ukrainada eden zady goranmak däl. Başga ýurduň bir bölegini anneksiýa etmek goranmak däl. Bu agressiýa akty, özem bu Sowuk uruş gutaraly bäri ilkinji gezek bolýar, Ýewropanyň bir ýurdy başga ýurduň bir bölegini garbap alýar. Bu goranmak däl» diýip, Stoltenberg aýtdy.

XS
SM
MD
LG