Sepleriň elýeterliligi

“YD-e” garşy söweşýänleriň hataryndaky çagalar


Siriýada söweşijilere kömek edýän eli tüpeňli oglanjyk.

Siriýada söweşijilere kömek edýän eli tüpeňli oglanjyk.

Albu Issa taýpasynyň erkek adamlary Yragyň Amirat al-Felluja şäheriniň golaýyndaky YD-niň jeňçilerine garşy uruşýarlar. Hatem atly ýetginjek şol ýerde bir ýarym ýyldan bäri kakasy we daýysy bilen bilelikde söweşip gelýär. Hatemiň bary-ýogy on ýaşyndadygy hemmeleri diýseň geň galdyrýar.

Azatlyk Radiosynyň Yrak gullugynyň 11-nji iýunda geçiren gürrüňdeşliginde onuň dogany Ahmet Hatemiň “Yslam döwletiniň” (YD) jeňçilerine garşy uruşmak üçin öz dostlaryny we oýunjaklaryny taşlandygyny aýdypdyr. Hatem ir bilen okamaga gidýär. Soň bolsa söweşmäge gaýdýar.

- Biz daýym bilen Hateme okamaga kömek edýäris. Ir bilen biz ony mekdebe äkidýäris. Ol şeýle elhenç adamlara garşy söweşmek üçin oýunjaklaryny taşlady, ýaşdaşlary bilen galan hemme zady unutdy - diýip, onuň agasy Ahmet gürrüň berýär.

Çaga esgerler

Köpçülikleýin habar serişdelerinde “Yslam döwleti” tarapyndan çaga esgerleriň ýörite tälimden geçirilýändigi we soň olaryň urşa salynýandygy barada ýeterlik maglumatlar bar. Ýöne golaýda gelip gowşan habarda YD-ne garşy alnyp barylýan urşa çagalaryň hem gatnaşmagyny ýola goýmak babatda edilýän tagallalara üns çekilipdir. Yragyň kanunlarynda 15 ýaşyna ýetmedik çagalara dini propaganda edilmegi ýa-da olaryň harby gulluga alynmagy gadagan. Ýöne şeýle kanunlar Hatem ýaly çagalaryň goragçy ýaragly toparlaryň hataryna goşulmagyna täsir edip bilmändir.

Yrakda şeýle ýagdaýda söweşýän çagalaryň sany näbelli. 2014-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň beren hasabatynda, resmileriň hem bu ugurda maglumat bermek islemeýändigi sebäpli bu ýagdaýy anyklamagyň gaty kynlaşandygyna aýratyn üns çekilipdir. Ýöne BMG-niň iýun aýynda çap eden “Çagalar we harby konfliktler” atly hasabatynda, yrakly on ýaşyndaky çagalaryň sünni taýpalaryň, şaýylaryň hem kürtleriň ýaragly toparlarynda YD-e garşy söweşýändigi mälim edilipdir.

“Naýnaw we Kirkukda ýezitleriň goranyş toparlarynyň hatarynda, “peşmerga” kürt harby toparlarynda we türkmen goranyş toparlarynda oglanjyklaryň we şol sanda gyzjagazlaryň hem bardygy göze ildi. Şol sanda Ramadide howpsuzlyk güýçlerine goldaw berýän sünni goranyş toparlarynyň arasynda hem çagalaryň söweşýändigi göze ildi” diýip, BMG-niň Baş sekretarynyň çykyşynda bellenipdir.

Şaýy halk goranyş topary

BMG-niň hasabatynda aýdylşyna görä, Salaheddin sebitiniň aglaba köpçüligi şaýy türkmenlerden ybarat bolan Amirli şäherinde çagalar on ýaşyndan başlap hökümet güýçlerine goldaw berýän goranyş toparlaryna söweşe alnypdyr.

Hökümet güýçleri bilen bilelikde hereket edýän “Haşd al-Şaabi” atly şaýy halk goranyş toparynyň hatarynda ähli basylyp alnan sebitlerden söweşmäge çagyrylan köpsanly çagalaryň sanyny anyklamak mümkin bolmandyr. Bagdad bilen Basrada hem çaga esgerler barada anyk maglumat alyp bolmandyr.

Şeýle meýletin halk goranyş toparlary, “Yslam döwletiniň” Yrakda ummasyz köp sebiti basyp alansoň, Yrakdaky şaýy baştutan Aýatolla Ali al-Sistaniniň ündewi boýunça 2014-nji ýylda döredilipdir. “Haşd al-Şaabi” meýletinleriň ýüz müňüsini öz hataryna goşandygyny öňe sürýär. Geçen hepde “Haşd” geňeşiniň agzalaryndan Möýn al Kazemi öz çykyşynda, meýletinleriň esasanam studentlerden we işçilerdendigini aýan edipdir. Ýöne ol meýletinleriň ýaşy barada hiç hili maglumat bermändir.

Ýöne Azatlyk Radiosynyň Yrak gullugyna “Haşd al-Şaabi” toparynyň bir agzasynyň üsti bilen Babil sebitindäki täze “Abnaa al-Karrar” atly studentleriň meýletin polkuna çagalaryň on ýaşyndan başlap alynýandygyny anyklamaklyk başardypdyr.

- Häzir o taýda 400-500 töweregi adam tälim alýar. Olaryň ýaşy on ýaşdan başlap studentlik ýaşyna çenli baryp ýetýär – diýip, “Abnaa al-Karrar” toparynyň metbugat müdiri Loeý al-Musawi gürrüň beripdir.

Musawiniň aýtmagyna görä, meýletin halk goranyş topary ekzamenleriň gutarmagy bilen ýerli uniwersitetlerden we institutlardan ýene köpsanly meýletiniň öz hatarlaryna goşulmagyna garaşýar.

Harby güýç tapdyranok

Azatlyk Radiosynyň Yrak gullugy “Anaa al-Karrar” atly meýletinler polkuna meýletin goşulan iki çaga bilen söhbetdeşlik geçiripdir. Çagalar öz ýaşlaryny aýtmakdan çekinmändirler. Şeýle-de olar öz alan harby tälimleri barada gürrüň beripdirler:

- Biz ýarag ulanmagy we ony söküp-düzmegi ýörite tälim boýunça öwrendik. Şeýle-de fiziki türgenleşik geçdik. Biz bu ýerde Yragy goramakdan bäş gün ýörite tälim aldyk - diýip, Hüseýn Hadi atly oglanjyk gürrüň beripdir.

“Abnaa al-Karrar” polky Yrakda täze harby bölümleriň döredilmegi, şaýy söweşijileri, Siriýada söweşýänler we çagalaryň urşa çekilmegi ugurlaryndan iş alyp barypdyr.

Golaýda meýletin şaýy halk goranyş toparlary barada monografiýa ýazan Merilend ştatynyň uniwersitetiniň bilermeni Filipp Smit şeýle tassyklaýar:

- Çaga esgerleriň şaýy halk goranyş toparlaryna alynmagy birnäçe wagtdan bäri dowam edýär.

“Yrak hakda oýlanmalar” atly blog alyp barýan Yrak boýunça analitik Joel Wing, Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde “Haşd al-Şaabi” harby birleşigine çagalaryň alynmagyny harby güýjüň tapdyrmaýandygy bilen düşündirýär.

- Sistaniniň çagyrşyndan soň edilýän gürrüňlere görä, müňlerçe meýletiniň “Haşd”" toparynyň hataryna harby gulluga goşulandygyna garamazdan, gümän edýän ol meýletinler özlerine hak tölenmeýändigi üçin raýyndan gaýdan bolmaly. Çagalar uly adamlara garanda tölegsiz söweşmäge has höwesli görünýärler - diýip, Joel Wing belläpdir.

YD-niň ýüzden segsen göterimine kontrol edýän Anbar sebitindäki Sünni taýpalaryň arasynda harby güýjüň ýetmezçilik edýändigi göz-görtele görnüp dur. Beýleki problema bolsa, hut çagalaryň söweşe çekilmegi bilen baglanyşykly. Bu Yrakda söweşýänleriň sanyny artdyrýan esasy faktdyr. Adam hukuklaryny goraýan Human Rights Watch atly guramanyň Ýakyn Gündogar baradaky ylmy işgäri Kristof Wilkeniň pikrine görä, meýletin halk goranyş toparynyň sany juda agdyklyk edensoň, Bagdad olara ýeterlik derejede erk edip bilmeýär. Kristof Wilke şeýle belleýär:

- Meýletin halk goranyş toparlary islänini edýär we buýrugy hem häkimýeti äsgerenogam.

Käbir alamatlar, Yrakda YD-de bolşy ýaly, oňa garşy uruşýan hökümet bilen bilelikde hereket edýän toparlarda hem çagalaryň söweşe çekilmeginiň dowam etjekdigini görkezýär.

Kanun taslamasynyň zerurlygy

Mart aýynyň başynda Yrakda merkezi hökümetiň täze milli goşuny babatdaky kanun ilkinji gezek okalypdyr. Milli goşun, YD-e garşy howpsuzlygy ýola goýýar we bölekler görnüşinde harby goşunyň hatarynda hereket eder. Ol sebit dolanyşyklaryň we premýer-ministriň ygtyýarynda bolar.

BMG-niň golaýdaky harby konfliktlerdäki çagalar babatdaky hasabatynda bu täze kanun taslamasynda harby gullykdaky ýaş çäklendirmesini hem öz içine almagynyň esasy kanuny zerurlykdygyna aýratyn üns çekilipdir. Täze kanun taslamasynyň kabul edilmegi bilen, hökümet güýçleri bilen bilelikde hereket edýän meýletin halk goranyş toparlarynda söweşýän çagalaryň Yragyň täze milli goşunyna goşulmagyna mümkünçilik döreder.

Geçen hepde Yragyň premýer-ministri al-Haýder Abadi ýene bir gezek Bagdatda geçirilen halkara ýygnakda söweşýän çagalaryň gün tertibine girizilmeginden nägilelik bildiripdir we hökümet bilen bilelikde hereket edýän meýletin halk goranyş toparlarynda çagalaryň söweşdirilmegine garşy çykyş etmändir. Kristof Wilke bu ugurdan şeýle diýýär:

- Yrak çagalaryň söweşe çekilmegi meselesini deň derejede hökmany suratda üns bermelidir.

Ol şol bir wagtyň özünde Yragy 2008-nji ýylda gol çekilen çaga hukuklary baradaky ählumumy protokolyň harby konfliktlere çagalaryň gatnaşdyrylmagy bilen baglanyşykly jogapkärçiligini berjaý etmäge çagyrypdyr. Protokol çagalaryň başga bähbitlere ulanylmagyny we olaryň harby gulluga çekilmegini derňeýär

BMG-niň çaga hukugy baradaky komiteti mart aýynda beren beýannamasynda Yragyň gol çekilen protokolyň şertlerini nähili berjäý edýändigine seretjekdigini bildirýär. Şol bir wagtyň özünde hem “haýsam bolsa bir syýasy we strategiki problemanyň çözgüdi üçin çagalaryň ulanylmagy hem olaryň söweşe çekilmegi” barasynda Bagdadyň hiç zat etmeýändigi sebäpli gaty biynjalyk bolýandygyny aýan edýär.

XS
SM
MD
LG