Sepleriň elýeterliligi

Belarusda hukuk ýaramazlaşýar


Birleşen Milletler Guramasynyň Belarusda adam hukuklarynyň ýagdaýyna seredýän ýörite dokladçysy Miklos Harazti ýurtda adam hukuklary ýagdaýynyň geçen ýyldan bäri has ýaramazlaşýandygyny duýdurdy.

Harazti 24-nji iýunda Ženewada, BMG-niň Adam hukuklary geňeşinde çykyp gürledi.

Ol «adam hukuklarynyň yzygiderli bozulmagynyň, hususan-da graždan we syýasy hukuklaryň bozulmagynyň dowam edýändigini» aýtdy.

“Diňe pikir, söz aýtmak azatlygy däl, geçen ýylyň dowamynda bileleşmek, ýygnanyşmak azatlygy hem has kän çäklendirildi» diýip, ol aýtdy.

Harazti zähmetkeşleriň hukuklarynyň hem inkär edilýändigini, garaşsyz profsoýuzlara basyş edilýändigini aýtdy.

Şeýle-de ol belarus häkimiýetlerini türmä basylan syýasy garşydaşlaryny azat etmäge we doly aklamaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG