Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan: yssydan ölenler müňden aşdy


Resmiler 25-nji iýunda günorta Pakistanda bolan soňky yssydan ölenleriň müňden aşandygyny, müňlerçe adamyň bolsa bejergi alýandygyny aýtdylar.

Sind welaýatynyň paýtagty Karaçide we beýleki birnäçe etrapda 19-njy iýundan bäri howa gaty gyzdy.

Saglyk resmisi Karaçide yssydan 950-den gowrak adamyň ölendigini, beýleki etraplarda hem 50-den gowrak adamyň heläk bolandygyny aýtdy.

Adynyň aýdylmazlygyny soran resminiň sözlerine görä, 40 müňden gowrak adam howanyň aşa gyzmagyndan hassalapdyr we 8 müňden gowrak adam hassahanalarda bejergi alypdyr.

XS
SM
MD
LG