Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýada YD bilen söweş barýar


Gözegçilik topary «Yslam döwleti» toparynyň öten agşam demirgazyk-gündogar Siriýanyň Hasake şäherine girendigini aýdýar.

Olar, aýdylmagyna görä, hökümet güýçleri bilen agyr çaknyşyklar netijesinde şäheriň iki mähellesini ele geçiripdir.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy şäherdäki çaknyşyklarda hökümete ygrarly adamlardan azyndan 30, YD jeňçilerinden 20 söweşijiniň öldürilendigini aýtdy.

Bu sebitde kürt milisiýasy hem bir topar ýeri elde saklaýar. Emma Siriýanyň goşun çeşmeleri bu habarlary ret etdi we hökümet güýçleriniň Hasakedäki hüjümi yzyna serpikdirendiklerini aýtdy.

Bu habarlaryň hiç biri garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanylyp bilinmedi.

XS
SM
MD
LG