Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: 'geý propagandasy' kanuny tassyklandy


Gyrgyzystanly kanun çykaryjylar «geý propagandasy» diýilýäni jenaýat hasaplamak baradaky kanun taslamasyny sese goýdy.

Bu kanun taslamasy 24-nji iýunda, bir palataly parlamentde aglaba köplügiň goldamagynda, ýagny 90 deputatyň goldamagynda, 2 deputatyň garşy çykmagynda, ikinji okaýyşda kabul edildi. Indi ol, prezidentiň gol çekmegine iberilmezinden öň, ýene bir gezek sese goýulmaly.

Ol kanunda «däp bolmadyk gatnaşygyň» bir ýyl türme tussaglygy bilen jezalandyrylýandygy, homoseksual gatnaşyklary wagyz edýän žurnalistleriň jogapkärçilige çekiljegi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG