Sepleriň elýeterliligi

"Prezidentlik möhleti uzaldylmasyn"


Türkmenistanyň Baş kanuny

Türkmenistanyň Baş kanuny

Azatlyk radiosynyň «Konstitusiýa baradaky teklipleriňiz» diýen at bilen açan forumy okyjylarda uly gyzyklanma, şol sanda çekişme döretdi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ýene bir gezek öz Baş kanunyna düzediş girizmekçi bolýar we metbugat arkaly il-halkyň islegleriniň we teklipleriniň öwrenilmelidigini aýdýar.

Emma ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, türkmen metbugatynda halk içinden çykan teklipler ýa pikir alyşmalar görnübermeýär.

Resmi türkmen metbugatyndan tapawutlylykda, Azatlyk radiosynyň websaýtynda Baş kanun barada edilýän teklipler sanlyja günde onlarça boldy we olarda dürli pikirler orta atylýar.

Okyjylaryň tekliplerinde esasy öňe çykýan alada-pikir Türkmenistanda kanunlaryň hakykatdanam kämilleşdirilmegi we işledilmegi baradaky alada bolup görünýär.

Aýdaly, okyjylarymyz Türkmenistanda hem Germaniýadaky ýaly kanunlaryň bolmagyny, Türkiýedäki ýaly, kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän Konstitusiýa sudunyň bolmagyny isleýärler. Şeýle-de olar kanunçylygyň ýaşy bir çene baran adamlaryň el çarpyşygy bilen garyşdyrylmaly däldigini, saýlawlaryň hakyky saýlaw bolmalydygyny, prezidentlik möhletiniň bolsa uzaldylmaly däldigini belleýärler.

Mysal üçin, Nebitdagdan Hekim aga prezidentlik möhletini 3 ýyla getirmegi, ýagny azaltmagy teklip edýär we ony ikinji möhlete asla goýmaly däl diýýär.

Bu pikiri Myrat atly okyjymyz hem goldaýar. Myradyň pikirine görä, Türkmenistanda saýlawlar galplaşdyrylýar we adamlar oňa tasdan gatnaşmaýar diýen ýaly. Ol bu ýagdaýda prezidentligiň 7 ýyla çenli hem uzaldylyp biljegini, hatda ömürlik edilmeginiň hem daş däldigini duýdurýar.

Şeýle-de Myrat türkmen kanunçylygynyň kämilleşdirilýändigi barada 2008-nji ýyldan bäri günde diýen ýaly gürrüň edilýändigini, emma durmuşda üýtgeýän zadyň ýokdugyny aýdýar. Ol bu pikirini uzak möhletli türme tussaglyklaryny azaltmak barada edilýän gürrüňleriň diňe gürrüň bolup galýandygy bilen delillendirýär.

Foruma goşulan okyjylarymyzyň käbiri temadan çykyp, ýurtdaky işsizlik, okuw-bilim meselesi, parahorluk barada gürrüň edýär. Emma Baş kanuna teklipler boýunça bir mesele, prezidentlik möhleti baradaky mesele gaýta-gaýta öňe çykýar. Belki-de bu Türkmenistanda prezidentlik möhletiniň uzaldylmak ähtimallygy baradaky aladalar bilen baglydyr.

Aýdaly, Ýurist atly okyjymyz «Türkmenistanda prezidentlik möhleti 4 ýyldan köp bolmaly däl, özem iki gezekden köp saýlanmaly däl, ýogsam prezident azyp başlaýar» diýip ýazýar.

Türkiýeden foruma goşulan Jennet Aknur bolsa, Konstitusiýa düzediş girizmegiň häzirki prezidenti ýene bir 7 ýyl saklamak üçin oýlanyp tapylan pirimdigini, soň onuň ýerine agtygynyň taýýarlanmagynyň hem mümkindigini öňe sürýär we Türkmenistany Demirgazyk Koreýa bilen deňeşdirýär.

Afrikadan seslenma ýazan Jan Türkmenistanda sudlaryň garaşsyz bolmagyny, kanun goraýjylaryň öz işlerini kanun esasynda edip bilmegine mümkinçilik döredilmegini, olaryň prezidente ýa başga bir adama bagly bolmazlygyny teklip edýär.

Gurban atly okyjymyz Türkmenistanda prezident dolandyryşy sistemasyny ýatyryp, parlament respublikasyny döretmeli diýen pikiri orta atýar. Ol şonda Türkmenistanyň ylym we tehnologiýa taýdan ösen ýurt boljagyny aýdýar.

Ýolbars atly okyjymyzyň pikirine görä bolsa, Baş kanuny üýtgetmek hökman däl, ol kanuny «adam ýaly ýöretselerem bolýa» diýip ýazýar.

Emma Stambuldan Resul başga pikirde: «Men pikir edýän prezidenti ömürlik saýlamaly edip konstitusiýany üýtgetmeli. Ony we kämillik ýaşyna ýetmedik maşgala agzalaryny döwlet hasabyna eklemeli. Şeýle edilende, ol şahsy problemalary gaýra goýup, diňe döwletiň we halkyň we aladasyny eder» diýip, Resul ýazýar.

Kanadadan foruma goşulan Rahmanyň pikrine görä, Konstitusiýa giriziljek düzedişler halk üçin bähbitli bolmaz. Serdar atly okyjymyz bolsa, Berdimuhamedow prezident bolmazyndan öň oňa düzediş girizip başlady, «Konstitusiýa trýapka boldy» diýýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG