Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“MoneyGram” hyzmaty Türkmenistanda


"MoneyGram" logotipi.
"MoneyGram" logotipi.

“MoneyGram” ady bilen tanalýan pul geçirmek we töleg hyzmatlaryny hödürleýän halkara prowaýder – “MoneyGram International Inc. MGI” kompaniýasy Türkmenistanda pul geçirmek hyzmatyny hödürläp başlady. Bu barada “nasdaq.com” websaýtynda habar berilýär.

Maglumatda bu kompaniýanyň Türkmenistanyň Garagum Banky bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda, indi bu hyzmatdan türkmenistanlylaryň hem peýdalanyp biljekdigi bellenilýär.

Şeýle-de, Türkmenistanda bu kompaniýanyň işiniň ýola goýulmagy, 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek Aziýa olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak ýa-da tomaşa etmek üçin ýurda barjak syýahatçylaryň we türgenleriň pul geçirmek hyzmatyndan peýdalanmagyna mümkinçilik döretjekdigi nygtalýar.

Mundan başga-da, ýakynda “MoneyGram” kompaniýasy internetden onlaýn pul geçirmek hyzmatyny gaýtadan hödürläp başlady. Şeýle-de, bu kompaniýa Apple mobil telefonlary üçin hem öz täze tilsimini köpçülige hödürledi.

“MoneyGram International Inc.” kompaniýasynyň düýbi Birleşen Ştatlaryň Dallas şäherinde ýerleşip, ol dünýäniň 200-den gowrak ýurdunda pul geçirmek hyzmatyny hödürleýär. Pul geçirmek boýunça dünýäniň iň uly ikinji kompaniýasy “MoneyGram-yň” tutuş dünýäde 347 müň çemesi ofis jaýy bar.

XS
SM
MD
LG