Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Adam saýlaýan" Medeniýet hepdeligi


Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi. Türkmenistanyň resmi metbugatyndan alnan surat.
Lebap welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi. Türkmenistanyň resmi metbugatyndan alnan surat.

Häzirki gün Türkmenabadyň dürli köçelerinde döwlet tarapyndan gurnalýan dabaraly çäreleriň şowhunly seslerini eşitmek bolýar. Sebäbi Türkmenabatda hökümetiň gurnamagynda medeniýet hepdeligi geçirilýär. 22-nji iýunda başlan bu çäreler 29-njy iýunda tamamlanar.

Bu medeniýet hepdeliginiň dowamynda dürli aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary we medeni sergi ýaly çäreler geçirilýär. Hususan-da, bu çäreler Türkmenabadyň täze gurlan binalarynyň öňünde, ýagny Sazly-drama teatr, Ruhyýet köşgi, welaýat kitaphanasy we ülkäni öwreniş müzeýi ýaly belli medeni binalaryň öňünde geçirilýär.

Dabaralarda ýaňlanýan şygarlar bolsa bir meňzeş, çykyşlarda yzly-yzyna prezident Berdimuhamedowa alkyş aýdylýar, onuň jan saglygyna doga edilýär, alyp barýan işlerinde üstünlükler arzuw edilýär.

Çärelere tomaşa etmek

Emma prezidente aýdylýan bu alkyşly sözlere we geçirilýän beýleki çärelere ýakyndan tomaşa etmek welin türkmenabatlylaryň ählisine des-deň ýetdiräýenok. Sebäbi dabaralaryň geçirilýän ýerlerine diňe saýlanyp alnan adamlar göýberilýär.

Çäre geçirilýän ýerleriň töwerekleri polisiýa tarapyndan gurşalyp, ýörite getirilen ýa çakylyk bilen gelen adamlar içeri göýberilýär, galanlary saklanýar. Onsoň çäreleriň bolýan ýerlerinden geçýän ýollaram ýapyk. Bu ýagdaý indi 22-nji iýundan bäri dowam edýär.

Bu bolsa öz gezeginde şol dabaralara öz islegi bilen tomaşa etmäge gelen adamlaryň arasynda her hili nägilelikleriň döremegine getirýär. Özüni Döwlet diýip tanadan türkmenabatly ýigit bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýýär: “Men bu çärä gelýärkäm, maňa geçmek bolanok diýdiler. Sebäbini sorasam, sýomka gidip dur diýip düşündirdiler. Onda ýoluň o ýüzüne geçip, sahnany özüm üçin surata alanymda, meniň telefonumy alyp, suratlarymy öçürip, haýbat atdylar”.

Çärä gatnaşýanlar

Döwletiň aýtmagyna görä ol ýere gelip, uzakdan syn edýänler başga-da kän. Olaryň ählisi hem sýomka bar, ýagny bu taýda surat alynýar diýip, toýa çakylyksyz gelen myhmanlar ýaly, toýa goýberilmän, yzyna gaýtarlypdyr.

Döwlet çärelere göýberilmänligi üçin nägile, emma çärä mejbury gatnaşmaly edilen we aýdym sazly dabaralary ýakyndan tomaşa etmäge mümkinçiligi bolanlaram ýagdaýdan razy däl. Olardan biri, özüni Çynar diýip tanadan 40 ýaşlaryndaky türkmenabatly gelin, hökümet işgäri Çynar Azatlyk Radiosyna bu hakda şeýle gürrüň berýär: “Maňa işden soň çärä gitmeli diýdiler. Bu ýagdaý birinji gezek başyma gelmeýär. Diňe çäre bilen çäklenilse boljak, gyzyl reňkli täze köýnegem tikdirmeli edildi, çärä işden soň iberilenim üçin premiýada tölenmeýär”.

Çynaryň aýtmagyna görä, bu buýrukdan boýun towlanlara işden kowulmak howpy abanýar. Şeýlelikde islese-de-islemese-de adamlar bu buýruga boýun bolýarlar. Ol mejbury ýagdaýlaryň, dabaranyň dowamynde hem dowam edýändigini, şeýlelikde konsert gutarýança adamlara ýerlerinden gymyldamaga rugsat edilmeýändigini aýdýar.

Medeniýet hepdeligi soňky bir iki ýyldan bäri her ýyl bir welaýatda geçirilýär we ol prezident Berdimuhamedowyň doglan güni, ýagny 29-njy iýunda tamamlanýar. Mundan ozalky çäreleriň birine daşary ýurtly aýdym-saz toparlary, şol sanda dünýä belli aýdymçy Jenefer Lopez hem gatnaşypdy.

Bu gezegem daşary ýurtly aýdymçylaryň çagyrylandygy barada il arasynda gürrüň bar, emma olaryň kimlerdigi, haýsy gün, nirede çykyş etjegi barada häzirlikçe halk köpçüligine ýaýradylan takyk maglumat ýok.

XS
SM
MD
LG