Sepleriň elýeterliligi

Ermeni protestleri ikinji hepdesine girdi


Ermenistanyň paýtagtynda bu ýurtda elektrik energiýasynyň bahasynyň gymmatlamagyna garşy geçirilýän ýörişler ikinji hepdesine girdi. Polisiýa bilen has köp çaknyşyklaryň bolmak ähtimallygyna garamazdan, 25-nji iýunda ýanbermezek protestçiler öz çärelerinden yza gaýtmajakdyklaryny aýtdylar.

25-nji iýunda Ýerewanyň prezidentlik köşgüniň golaýynda ýüzlerçe adam oturyp, protest çäresini geçirdi. Munuň netijesinde olar şäheriň esasy köçesini bagladylar.

Ermenistandaky bu protestleri guramalaşdyrýan “Talaňçylyga – ýok!” atly raýat jemgyýetiniň lideri Waginýak Şuşanýan Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda: “Biz howlugamyzok. Biziň 1-nji awgustdan elektrik energiýasynyň gymmatladylan bahasy güýje girýänçä, ýene 1 aý 10 günümiz bar” diýdi.

Hökümetiň karary

Bu aralykda ermeni premýer-ministri Howik Abrahamýan hökümet ýurtda elektrik energiýasynyň bahasyny ýokarlandyrmak baradaky kararyndan yza gaýtmaz diýdi.

Muňa garamazdan, ol 25-nji iýunda geçirilen hökümet maslahatynda ýurtda elektrik energiýasynyň bahasynyň ýokarlandyrylmagyna hötde gelmekleri üçin 105 müň çemesi “ýetirnip bilmeýän” maşgalalara döwlet tarapyndan berilýän pul kömegininiň möçberiniň artdyryljakdygyny aýtdy.

Abrahamýan protestçileri beklenen Bagramýan skwerini açmaga çagyrdy.

Bu aralykda Russiýanyň Daşary işler ministrligi ermeni häkimiýetlerini “demonstrantlaryň gozgan meseleleri boýunça ylalaşykly netije” tapmaga ündedi.

24-nji iýunda giçlik ýaýradylan beýanatda Russiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasin Moskwa “ermeni liderleriniň akyl-paýhasdan ugur aljagyna” bil baglaýar diýdi.

Protestleriň döremegi

Ermenistandaky gahar-gazabyň döremegine bu ýurtda ilata berilýän elektrik energiýasynyň bahasyny 1-nji awgustdan başlap 16% gymmatlatmak baradaky kararyň kabul edilmegi sebäp boldy.

Ermenistanyň ýurdy elektrik energiýasy bilen üpjün edýän kompaniýasy - “Ermenistan elektrik ulgamyna” Russiýanyň “Inter RAO” firmasy doly eýeçilik edýär.

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisiýan protestçiler bilen iki gezek duşuşmaga synanyşdy, emma onuň bu synanyşygy şowsuz boldy. Sarkisiýan Ýewropanyň Halk partiýasynyň sammitine gatnaşmak üçin 24-nji iýunda Brýussele gaýtdy.

Gepleşikleri geçirmekden ýüz öwren demonstrasiýalaryň guramaçylary hökümetden ýurtda elektrik togunyň bahasyny gymmatlatmak barada kabul eden kararlaryny ýatyrmagy isleýändiklerini nygtadylar.

25-nji iýunda ir bilen Ermenistanyň polisiýasynyň başlygy Wladimir Gasparýan Ýerewanda protestleriň geçirilýän ýerine baryp gördi, emma ol demonstrantlaryň hijisi bilen gürrüňdeş bolmady.

XS
SM
MD
LG