Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň hasabaty: Pakistanda çynlakaý hukuk bozmalar bar


Aktiwistler. Pakistan.
Aktiwistler. Pakistan.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň täze hasabatynda Pakistandaky çynlakaý hukuk bozmalar, şol sanda sudsuz we bilkastdan adam öldürmek, ýitirim etmek, adam gynamak, bikanunçylyk we dowam edýän «mezhep zorlugy» agzaldy.

2014-nji ýyl boýunça Ýurtlar babatda taýýarlanan adam hukuklary hasabaty 25-nji iýunda çap edildi. Onda žurnalistleriň ýanalmagynyň, žurnalistlere we metbugat guramalaryna ýokary derejelerde hüjüm edilmeginiň dowam edendigi aýdylýar.

Hukuk problemalarynyň arasynda türme şertleriniň ýaramazlygy, eden-etdilikli tussag etmek, deslapky tussaghanada uzak saklamak, gowşak adalat sistemasy, aşaky sudlarda garaşsyzlygyň bolmazlygy, raýatlaryň hususy hukuklarynyň bozulmagy ýaly meseleler bar.

XS
SM
MD
LG