Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Ukrainada urlup ýykylan uçary derňär


Malaýziýanyň geçen ýyl Ukrainanyň ýokarsynda ýykylan ýolagçy uçarynda pida bolanlaryň hatyrasyna goýlan ýadygärligiň öňündäki güller.
Malaýziýanyň geçen ýyl Ukrainanyň ýokarsynda ýykylan ýolagçy uçarynda pida bolanlaryň hatyrasyna goýlan ýadygärligiň öňündäki güller.

Malaýziýanyň geçen ýyl Ukrainanyň ýokarsynda ýykylan ýolagçy uçarynyň kimler tarapyndan urlandygyny derňeýän bäş ýurt jogapkärleri ýüze çykarmak üçin BMG-niň halkara tribunalynyň döredilmegine çagyrýar.

Malaýziýanyň BMG-däki ilçisi Ramlan Bin Ibrahim 25-nji iýunda “Biz BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň iýul aýynda bir rezolýusiýa taslamasyna seretmegine umyt baglaýarys” diýdi.

Bu ideýa Malaýziýa we Niderlandiýa tarapyndan öňe sürüldi we Awstraliýa, Ukraina we Belgiýa tarapyndan goldaw tapdy.

Urlup ýykylan uçar Malaýziýa degişli bolsa-da, onda ölen 298 syýahatçynyň köpüsi niderlandiýalydy. Kreml golaýda tribunal teklibi baradaky soraga düşündiriş bermekden boýun gaçyrdy.

XS
SM
MD
LG