Sepleriň elýeterliligi

Putin, Obama telefonda gürleşdi


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama (çepde) we Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 25-nji iýunda Eýranyň ýadro gepleşikleri, “Siriýada barha beterleýän howply ýagdaý” we “Yslam döwleti” toparyna garşy durmak barada maslahatlaşmak üçin ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama telefon etdi.

Ak tam munuň iki lideriň arasynda aprelden bäri geçirlen ilkinji telefon gepleşigidigini aýdýar.

Liderler Siriýada barha beterlenýän howply ýagdaý, Eýranyň ýadro ýaragyny edinmeginiň öňüni almak babatda dünýä döwletleri tarapyndan alnyp barylýan gepleşiklerde dowam edýän agzybirligiň ähmiýeti hakynda pikir alyşdylar diýip, habarda aýdylýar.

Prezident Obama Putine Orsýetiň Ukraina bilen ýaraşyk meselesinde boýun alan borçlaryny ýerine ýetirmelidigini, şol sanda rus goşunlarynyň we enjamlarynyň ukrain territoriýasyndan aýrylmalydygyny aýtdy diýip, Ak tam habar berýär.

XS
SM
MD
LG