Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: “YD-nyň” hüjüminde 146 adam öldi


Siriýa.

Siriýa.

Synçy toparyň berýän maglumatynda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileriniň Siriýanyň Kobani şäherçesine we onuň golaýyndaky obalara eden hüjüminde häzire çenli parahat ilatdan azyndan 146 adamyň öldürilendigini aýdýar. Bu radikal toparyň Siriýada amala aşyran ikinji iň uly gyrgynçylygydyr.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy toparyň 26-njy iýunda beren maglumatyna görä, bu waka, geçen ýyl Siriýanyň gündogarynda musulman şaýylary öldürilenden bäri, “Yslam döwleti” atly toparyň parahat ilatdan ýaşaýjylara garşy amala aşyran ikinji uly gyrgynçylygydyr.

25-nji iýunda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri Siriýanyň Türkiýe bilen serhetleşýän Kobani şäherçesine gaýtadan aralaşdy we häzirki wagtda bu sebitde Kürt güýçleri bilen söweşijileriň arasynda çaknyşyklar dowam edýär.

XS
SM
MD
LG