Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň Merkezi Aziýa somlaýan ýumşak güýji


Kreml
Kreml

Ukrain krizisinden soň Günbatar bilen Orsiýetiň arasyndaky dartynlylyk orta çykanda, “ýumşak güýç” diýen bir aňlatma has meşhur bolup başlady. Hem Günbatar, hem Orsýet birek-biregini bu “ýumşak güýç” diýlenini ulanyp, sebitde, şol sanda Merkezi Aziýada öz täsirini güýçlendirmek ugrunda tagalla edýänlikde aýyplaýarlar.

Gürrüňini edýän wakalarymyzdan bäri, ençeme täze habar serişdeleri esaslandyrylyp ýola goýuldy. Russiýanyň ýakynda döreden “Sputnik” diýlip atlandyrylýan habar serişdesini muňa mysal edip bolar. Ol Kremliň gün tertibindäki duran meseleleri propagandirlemekde juda işjeň hereket edýär.

Mejlis atly ýörite gepleşigimiziň bu sanynda Moskwanyň Merkezi Aziýa sebitinde öz täsirini artdyrmak ugrundaky edýän tagallalary, şeýle-de olaryň täsirliligi barada gürrüň edilýär.

Söhbetdeşlikde Kremliň ýöredýän propogandasyna garşy durmak üçin görülýän çäreler we beýleki edip bolaýjak ädimler barada hem pikir alşylýar.

Mejlisiň şu günki myhmanlary:

Röwşen Djeyenbekov: Gyrgyz parlamentiniň deputaty;

Casey Michel: Merkezi Аziýany ýakyndan yzarlaýan Nýo Ýorkly ýazyjy;

Bruce Pannier: Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Мerkezi Аziýa boýunça redaktory.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Orsýetiň Merkezi Aziýa somlaýan ýumşak güýji
please wait

No media source currently available

0:00 0:23:59 0:00

XS
SM
MD
LG