Sepleriň elýeterliligi

Hytaý ABŞ-ny ýazgarýar


Hytaý 26-njy iýunda Birleşen Ştatlaryň ýyllyk adam hukuklary hasabatyny «elhenç hukuklar hasabaty» diýip atlandyrdy we Waşingtony polisiýa zalymlygynda hem-de dünýä gizlin gözegçilik etmekde ýazgardy.

Waşingtonyň 25-nji iýunda çap eden ýyllyk adam hukuklary hasabatynda Hytaýdaky adam hukuklary ýagdaýy tankyt edilýär.

Hytaýyň Döwlet geňeşi Amerika «ýaraglaryň ýaýradylmagyndan, zorlukly jenaýatlaryň ýygy-ýygydan bolmagyndan we polisiýanyň aşa güýç ulanmagyndan» ejir çekýär diýdi.

Şeýle-de Döwlet geňeşi ABŞ-nyň aňtaw gulluklary terrorda güman edilýänleri «seljermezden» gynaýar, dron zarbalary we köpçülikleýin gözegçilik etmek bilen «başga ýurtlarda adam hukuklaryny bozýar» diýdi.

ABŞ-nyň adam hukuklary hasabatynda Pekin internet senzurasynda tankytlandy. Hytaý Birleşen Ştatlaryň syýasatynda «pul çözüji faktor» we «amerikan raýatlarynyň hukuklary düzüwli goralmaýar» diýdi.

Hytaýyň Kommunist partiýasy öz dolandyryşyny açyk tankytlan adamlary gaýta-gaýta türmä basýar.

XS
SM
MD
LG