Sepleriň elýeterliligi

Tunisde 80 metjit ýapylar


Tunisiň hökümeti 27-nji iýunda özüniň döwlet tarapyndan kontrolluk edilýän 80 metjidi ýapjagyny aýtdy.

Bu çäre ýaragly adam Sus şäherindäki kurort myhmanhanasynda 39 adamy öldüreninden soň görülýär.

Tunisiň premýer-ministri Habib Essid metjitleri zorluga meçew bermekde aýyplady we olaryň şu hepde içinde Içeri işler ministrligi tarapyndan ýapyljagyny aýtdy.

Esasan ýewropaly turistleriň öldürilen hüjüminiň jogapkärçiligini «Yslam döwleti» topary öz boýnuna aldy.

Mart aýynda jeňçiler Tunisiň Bardo muzeýinde hem turistlere hüjüm edip, 22 adamy öldüripdiler.

XS
SM
MD
LG