Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerewan: polisiýa paýhasa çagyrýar


Ermeni polisiýasynyň başlygy Wladimir Gaspariýan elektrik nyrhy sebäpli protest bildirýänlere ýüzlenip, olary akyl-paýhasa, köçeleri baglamagy we paýtagt şäheriň kadaly durmuşyny bökdemegi bes etmäge çagyrdy.

Gaspariýan Marşal Bagramýan prospektine gelip, protestçiler bilen polisiýanyň arasynda, zorlukly hererketleriň bolmazlygy üçin «adam galkany bolan» birnäçe parlament agzasy bilen gepleşdi.

Ol ýaş protestçileriň döwlet edaralaryna gelýän, şol sanda prezident edarasyna gelýän ýollary baglamagy bes etmegine çagyrdy.

«Biz çydamlylyk görkezýäris we sabyr-kanagat edýäris, emma siz şäheriň esasy funksiýalaryna päsgelçilik döredýärsiňiz. Indi bolsa, hamala biz öz adamlarymyzyň duşmany ýaly, «adam galkanyny» gurýarsyňyz diýip, polisiýa başlygy aýtdy.

Demonstrasiýaçylar 26-njy iýunda Bagramýan prospektine barýan ýollary gysga wagtlyk bagladylar we polisiýanyň çagyryşyndan soň, gatnaw täzeden açyldy.

XS
SM
MD
LG