Sepleriň elýeterliligi

Rus esgeri Ermenistanda derňeler


Bir ermeni maşgalasynyň ýedi agzasyny öldürmekde aýyplanan rus esgeriniň işi Ermenistandaky derňewçilere berildi.

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan bu habary 26-njy iýunda, sapara gelen rus ministri Maksim Sokolow bilen geçiren gepleşiklerinden soň yglan etdi.

Sokolow Orsýetiň transport ministri we ermeni-rus hökümetara komisssiýasynyň başlygydyr.

Gýumridäki rus harby bazasynda gulluk edýän Waleriý Permýakow, aýdylmagyna görä, 12-nji ýanwar güni irden Awetisýanlar maşgalasynyň ýedi agzasyny öldüreninden soň, rus serhetçileri tarapyndan saklanyldy.

Orsýet, ýanwaryň ortalarynda bolan protestlere garamazdan, ony ermeni derňewçilerine bermekden ýüz öwrüpdi.

XS
SM
MD
LG