Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewgeniý Primakow aradan çykdy


Orsýetiň ozalky premýer-ministri Ýewgeniý Primakow 85 ýaşynda aradan çykdy.

Ol 1998-1999-nji ýyllarda, Boris Ýelsiniň prezident bolan döwründe hökümet baştutany bolupdy, şeýle-de ol daşary işler ministri bolup işläpdi. Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow «ol döwlet işgäri, alym, syýasatçy boldy we yzynda uly miras galdyrdy» diýdi.

Primakow özüniň agressiw diplomatiki poziýasy bilen tanalýardy we onuň 1999-njy ýylda wise-prezident Al Gordan NATO-nyň Ýugoslawiýany bombalamaga başlandygyny eşidip, ABŞ-a barýan uçaryny orta ýoldan yzyna dolandygy ýatlanylýar.

Primakow bu bombalaýşy «Ägirt uly ýalňyşlyk» diýip atlandyrypdy. Köpler bu pursaty, ýagny rus uçarynyň orta ýoldan yzyna dolanmagyny Orsýetiň daşary syýasatyndaky öwrülişik pursaty hasaplaýar.

XS
SM
MD
LG