Sepleriň elýeterliligi

Orsýet ABŞ-nyň hasabatyny tankytlady


Orsýetiň daşary işler ministrligi 26-njy iýunda Birleşen Ştatlaryň çap eden ýyllyk adam hukuklary hasabatynyň «syýasy äheňlidigini», onda Ukrainadaky hukuk bozulmalaryna göz ýumlandygyny aýtdy.

«Interfaks» habar gullugy Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Aleksandr Lukaşewiçiň «bu hasabat reallykdan üzňe we döwletleriň demokratiýa derejesini «meýle görä» kesgitleýär» diýendigini habar berýär.

Şeýle-de Lukaşewiç hasabatda Birleşen Ştatlardaky «gelşiksiz» hukuk bozulmalaryna, ukrain hökümet güýçleriniň halkara ynsanperwerçilik kanunlaryny bozmagyna, neo-nasistleriň ýaragly toparlarynyň Donbasdaky hereketlerine göz ýumlandygyny aýdypdyr.

ABŞ-nyň 25-nji iýunda çap eden ýyllyk adam hukuklary hasabatynda Orsýetdäki syýasy sistemanyň, başga pikirlileri basyp ýatyrýan täze çäreler bilen, barha beter awtoritarlaşýandygy aýdylypdy.

XS
SM
MD
LG