Sepleriň elýeterliligi

Obama: ýarag zorlugyna göz ýumuldy


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 26-njy iýunda amerikanlar ýurtdaky ýarag zorlugynyň sebäp bolýan «özboluşly maýyplyklaryna» uzak wagtlap “kör» boldy diýdi.

Obama çarlstonly pastor Klementa Pinkniniň hatyrasyna söz sözlände, eger ýurt jynsparazlyk we ýarag zorlugy ýaly meseleleri çözmese, bu pastoruň hakydasynyň öňünde ikilik edildigi bolar diýdi.

Pinkniý geçen hepde «Injil» sapagy mahalynda bir akýagyz adam tarapyndan atylyp öldürilen garaýagyz dindarlaryň biridi.

XS
SM
MD
LG