Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýerewan: aktiwistler 'azar berilýär' diýýär


Ermenistanyň paýtagtynda elektrik bahalarynyň gymmatladylmagyna garşy protest bildirýän demonstrasiýaçylar özlerine 'şübheli adamlaryň' azar berýändigini aýdýarlar.

«Talamaň» diýen şygary öňe süren aktiwistleriň 27-nji iýundaky beýanatynda ermeni resmileriniň bu meselä üns bermeklerine we kanun goraýjy guramalaryň "özlerini gorkuzmaga synanyşman, kanunyň çäginde hereket etmeklerine" çagyrylýar.

Olar azar berilmeginiň hiç bir anyk mysalyny açyp görkezmediler. Protestçiler elektrik bahalarynyň gymmadylmagy baradaky kararyň ýatyrylmagyny talap etdiler.

Şeýle-de olar elektrigiň häzirki bahasynyň hem derňelip, arzanladylmagyny talap edýärler.

Mundanam başga olar 23-nji iýunda aktiwsitleri we žurnalistleri uran polisiýa ofiserleriniň jezalandyrylmagyny isleýärler.

XS
SM
MD
LG