Sepleriň elýeterliligi

"Messenger-i" telefon belgisi bilen ulanyp bolar


Mundan beýläk Facebook-daky sahypamyza girmezden hem "Messenger" programmasyny ulanyp bileris.

Mundan beýläk Facebook-daky sahypamyza girmezden hem "Messenger" programmasyny ulanyp bileris.

Häzirki güne çenli Facebook sosial ulgamynyň "Messenger" programmasyndan Facebook-da açan öz sahypamyz arkaly peýdalanýardyk.

Mundan beýläk Facebook-daky sahypamyza girmezden hem "Messenger" programmasyny ulanyp bileris.

Bu barada Facebook newsroom-da maglumat berilýär.

"Messenger" programmasyny öz mobil telefonyňyza ýa-da tehnologik enjamyňyza ýükläp açanyňyzdan soň, "Facebook bilen programma ýazylyň" diýen bölümiň aşagynda "Facebook-da sahypaňyz ýokmy?" diýlen sorag görüner. Bu bölümi saýlap alanyňyzdan soň, telefon belgiňizi, adyňyzy we suratyňyzy goýup "Messenger" programmasyna ýazylyp we girip bilersiňiz.

Bu täzelik ilki bilen Amerika, Kanada, Wenesuela we Peru ýaly döwletlerde ulanylmaga berlip, ýakyn günlerde beýleki ýurtlarda hem ulanylmaga beriljekdigi habar berilýär.

"Messenger-i" özleriniň telefon belgisi bilen açyp giren ulanyjylar hem, bu programmanyň hödürleýän ähli mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilerler.

XS
SM
MD
LG