Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Grek deputatlary referendumy goldaýar


Grek parlamenti täze halas edişiň şertleri boýunça referendum geçirilmegini tassyk etdi. Bu referendum 5-nji iýula planlaşdyrylýar.

Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras parlamentdäki ses berişlikden öň eden çykyşynda grek halkynyň ýurduň Ýewropa Bileleşigindäki – Halkara Pul fondundaky kreditorlarynyň ultimatumyna ýok diýjegine ynanýandygyny aýtdy.

Tsipras referendumyň Ýewropadan bölünmek synanyşygy däldigini, eýsem Ýewropa masgaraçylyk praktikalaryndan aýrylmakdygyny aýtdy.

Ýewro zonasyndaky partnýorlar referendum planyna negatiw garadylar we Gresiýanyň halas ediş programmasyny 30-njy iýundan aňryk hem uzaltmak talabyny ret etdiler.

Gresiýa şol gün Halkara pul fonduna 1.6 milliard ýewro tölemeli. Täze fondlar bolmasa, bu ýurt ýewrony terk edip, onuň ykdysadyýeti çöküp biler diýen gorky bar.

XS
SM
MD
LG