Sepleriň elýeterliligi

Taýwandaky tomaşalar parkynda bolan ýangynda we partlamada 500-den gowrak adam ýaralandy.

Bu hadysa 27-nji iýunda, giçlik Täze Taýpeýiň Formosa suw parkynda boldy. Ol ýerde parkyň sahnasyna ot düşüp, ýangyn howply däri tozgasy howada ýarylandyr öýdülýär.

Hadysanyň sebäpleri derňelýär. Reňklenen däri tozgasy mähelläniň ýokarsyna ýaýranda 1000 çemesi adam tans çäresine gatnaşýardy.

Saglyk ministrligi jemi 510 adamyň ýaraly bolandygyny, 38 adamyň hassahanada bejergi alýandygyny aýtdy. 180-den gowrak adamyň ýarasynyň agyrdygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG