Sepleriň elýeterliligi

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda maddy däl milli mirasy toplamagyň, hasaba almagyň, öwrenmegiň we gorap saklamagyň 2015-2020-nji ýyllar üçin döwlet programmasyny tassyklamak baradaky karara gol çekdi.

Türkmen lideri lebap topragynda geçiren göçme mejlisinde bu programmanyň taslamasy baradaky hasabaty diňläp, ýurtda «medeni maksatly taslamalary maliýeleşdirmäge, medeniýet ulgamyna maýa goýumlarynyň gönükdirilmegine aýratyn möhüm ähmiýet berilýändigini» belläpdir.

Türkmen mediasynyň habaryna görä, Ministrler kabinetiniň 27-nji iýunda geçirilen göçme mejlisinde nobatdaky Medeniýet hepdeligini Mary şäherinde geçirmek baradaky karara hem gol çekilipdir.

XS
SM
MD
LG