Sepleriň elýeterliligi

Sarkisýan elektrik harjyny töleşjek diýýär


Ýerewan, ermeni protestleri

Ýerewan, ermeni protestleri

Ermenistanyň prezidenti Serž Sarkisýan planlaşdyrylýan elektrik gammatlamasyna hötde gelmekde ermenilere maliýe kömegini bermegi wada berýär.

Mälim bolşy ýaly, elektrik nyrhlarynyň gammatlajagy baradaky habar paýtagt Ýerewanda protestleriň möwjäp galmagyna getirdi.

Sarkisýan birnäçe detaly aýan edip, Orsýetiň eýeçiligindäki elektrik kompaniýasynyň nyrh gymmatlatma planynyň näderejede ýerliklidigi barada garaşsyz barlag geçirilýänçä, gymmatladylan energiýanyň harjyny hökümetiň çekişjegini aýtdy.

Ol Ýerewanda 27-nji iýunda uly derejeli resmiler bilen geçirilen duşuşykdan soň çykyp gürledi.

“Elbetde, biz häzirki sosial harçlama programmalarymyzy howp astyna salmarys, emma biz howpsuzlygy mundan aňryk hem güýçlendirmeklige niýetlenen serişdelerden fond taparys" diýip, Sarkisýan aýtdy.

Ol, eger garaşsyz barlaglar dogry diýip tapsa, elektrik bahalarynyň gymmatladyljagyny aýtdy.

Sarkisýanyň beýanaty bir gije öň Orsýetiň transport ministri we Rus-ermeni hökümetara ykdysady komissiýasynyň başlygy Maksim Sokolow bilen geçirilen gepleşikleriň yz ýanyna gabat geldi. Olar şol duşuşyk mahalynda elektrik kompaniýasynda bilelikde barlag geçirmek ylalaşygyna geldiler.

Protestçiler polisiýa hatarynyň öňünde otyr. Ýerewan, 24-nji iýun, 2015.

Protestçiler polisiýa hatarynyň öňünde otyr. Ýerewan, 24-nji iýun, 2015.

«Talamaň» diýilýän hereketiň aktiwistleriniň biri Waghinak Şuşanýan Azat Ýewropa we Azatlyk radiosyna özleriniň ermenileri 28-nji iýunda, ýerli wagt bilen sagat 18.00-da Ýerewanyň merkezindäki Marşal Bagramýan prospektine toplanyp, Sarkisýanyň soňky teklibini sese goýmaga çagyrýandyklaryny aýtdy.

«Elektrik Ýerewan» diýlip atlandyrylan protest hereketiniň aktiwistleri bir hepde bäri merkezi Ýerewana toplanyp, Sarkisýanyň elektrik nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy baradaky karary ýatyrmagyny talap edýärler.

Döwletiň nyrh kesgitleýän edarasynyň 17-nji iýundaky kararyna görä, ýurtdaky elektrik bahalary 1-nji awgustdan başlap 16 prosent çemesi gymmatladylmaly.

Olar, eger-de Sarkisýan elektrik bahalarynyň gymmatladylmagy baradaky kararyň ýatyrlýandygyny milli telewideniýede yglan etmese, özleriniň protest meýdanyny terk etmejekdiklerini aýtdylar.

Şeýle-de olar elektrigiň häzirki nyrhlarynyň hem seljerilmegini we arzanladylmagyny talap edýärler we 23-nji iýunda aktiwsitleri we žurnalistleri uran polisiýa ofiserleriniň jezalandyrylmagyny isleýärler.

Ermeni polisiýasynyň başlygy Wladimir Gasparýan 27-nji iýunda protestçileriň «umumy düşünjelilik» görkezmeklerine we merkezi Ýerewana barýan ýollary baglamagy dowam etdirmezligine, adaty durmuşa päsgelçilik döretmezligine çagyryş etdi.

Demonstrasiýaçylar 26-njy iýunda Bagramýan prospektine barýan çatryklary gysga wagtlyk baglap, ol ýerdäki gatnawy doňdurdylar. Emma polisiýanyň çagyryşyndan soň, olar çatryk baglaryny açdylar.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG