Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hüjümçi kesilen kelleli suratyny iberdi


Fransuz zawodyndaky hüjümde güman edilýän adam, aýdylmagyna görä, öz başlygynyň kesilen kellesiniň ýanynda durup, surata düşüpdir.

Howpsuzlyk çeşmeleri Ýassin Salhiniň bu suraty, 26-njy iýunda Lion şäheriniň golaýynda bolan hüjümden soň, WhatsApp habar iberiş gullugynyň üsti bilen Kanada iberendigini aýdýarlar.

Derňewçiler bu suratyň iberilen adamynyň şahsyýetini kesgitlemäge synanýarlar. 35 ýaşyndaky Salhi ýangyn howply himiki suwuklyklaryň saklanýan ýerine maşyn urduryp, partlama sebäp bolmakda aýyplandy.

Onuň başlygy Herwe Kornaranyň kellesi yslam baýdaklarynyň gapdalyndan tapyldy.

Üç çaganyň atasy bolan Salhi aýaly, uýasy bilen bilelikde sorag edilýär.

XS
SM
MD
LG