Sepleriň elýeterliligi

Moldowada Günbatara tarapdar häkim ýeňiş gazandy


Moldowada geçirilen saýlawlarda zenan býulleteni oklaýar.

Moldowada geçirilen saýlawlarda zenan býulleteni oklaýar.

Moldowada paýtagt Kişinewiň häkimini saýlamak boýunça geçirilýän saýlawlaryň ikinji tapgyrynda Günbatara tarapdar häzirki häkim ýeňiş gazandy.

29-njy iýunda Moldowanyň Merkezi saýlaw komissiýasy saýlaw býulletenleriniň ählisiniň sanalandygyny aýdyp, netijeleri yglan etdi.

28-nji iýunda geçirilen bu saýlawlarda Liberlar partiýanyň başlygynyň orunbasary Dorin Çirtoaçanyň (Dorin Chirtoaca) sesleriň 53,46%-ni alyp, ýeňiş gazanandygy yglan edildi. Şol bir wagtyň özünde onuň garşydaşy Russiýa tarapdar Sosialistik partiýadan Zinaida Dreseani (Zinaida Greceani) sesleriň 46,56%-ni aldy.

29-njy iýunda Sosialistik partiýanyň lideri Igor Dodin saýlawlara bidüzgünçilikleriň kölege salandygyny öňe sürdi.

Kişinewdäki saýlawlara ilatyň 49%-i gatnaşdy.

XS
SM
MD
LG