Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Müsür: Prokuroryň ulagyna hüjüm edildi


Müsür.
Müsür.

Müsüriň paýtagty Kairde ýurduň ýokary derejeli döwlet prokurorynyň ulag kerwenine hüjüm edildi.

29-njy iýunda bolan partlamanyň yzýany, prokuror Hişam Barakat we onuň birnäçe janpenasy keselhana alnyp gidildi diýip, polisiýadaky çeşmeler habar berýärler.

Maglumatlarda Barakatyň bu wakada ýeňil ýaralanandygy we “saglyk ýagdaýynyň oňatdygy” habar berilýär.

Bu partlama Heliopolis etrabyndaky harby akademiýanyň daşynda boldy.

Ýakynda “Yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri, ýurtda höküm edilen alty söweşiji dardan asylandan soň, Müsüriň sud organyna hüjüm etmäge çagyryş edipdiler.

XS
SM
MD
LG