Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýewropa Gresiýa krizisine çözgüt tapmaga synanyşýar


Gresiýanyň baýdagynyň öňünde ýewro köpüklerini görse bolýar.
Gresiýanyň baýdagynyň öňünde ýewro köpüklerini görse bolýar.

Ýewropa Bileleşiginiň liderleri Gresiýada ykdysady kynçylyklar sebäpli hökümetiň synmagynyň we bu ýurduň ýewrozonadan çykmak ähtimallygynyň öňüni almak we ylalaşyga gelmek dogrusynda heniz hem wagt möhletiniň bardygyny aýtdylar.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel 29-njy iýunda beren maglumatynda Berlin “grek hökümeti bilen islendik wagt gepleşikleri geçirmäge taýýar” diýdi.

Fransuz prezidenti Fransua Olland hem: “Fransiýa Gresiýanyň ýewrozonanyň çäklerinde galmagynyň tarapdary we Fransiýa bu babatda herekete geçmäge taýýar” diýdi.

29-njy iýunda Afinynyň 1,7 milliard amerikan dollary möçberindäki karzyny tölemek boýunça 30-njy iýuna çenli goýlan wagt möhleti golaýlan mahaly, Ýewropada we Aziýada maliýe bazarlary ýiti pese gaçdy.

XS
SM
MD
LG