Sepleriň elýeterliligi

Balkanabat: göçürilen lukmanlaryň görgüleri


Poliklinikanyň ýapylmagy bilen bu saglyk öýüniň lukmanlar kollektiwi başbitin anyk bir ýere göçürilmän, eýse şäheriň dürli künjeklerine dargadyldy.

Poliklinikanyň ýapylmagy bilen bu saglyk öýüniň lukmanlar kollektiwi başbitin anyk bir ýere göçürilmän, eýse şäheriň dürli künjeklerine dargadyldy.

Balkanabadyň 1-nji saglyk öýüniň (poliklinikasynyň) abatlaýyş işlerini geçirmek üçin ýapylanyna eýýäm 2 ýyl töweregi wagt boldy.

Mundan 36 ýyl ozal, ýagny 1979-njy ýylda gurlan bu köpugurly poliklinika diňe bir Balkan welaýatynyň merkezi şäheriniň ýaşaýjylary däl-de, eýse welaýatyň beýleki etraplarynyň ilatyna hem hyzmat edýärdi.

Poliklinikanyň ýapylmagy bilen bu saglyk öýüniň lukmanlar kollektiwi başbitin anyk bir ýere göçürilmän, eýse şäheriň dürli künjeklerine dargadyldy.

Poliklinikanyň lukmanlarynyň bir bölegi 133-nji kwartaldaky Diş bejeriş merkezine, ýene bir bölegi 137-nji kwartaldaky Çagalar saglyk öýüne göçürilse, saglyk işgärleriniň başga bir bölegi şäheriň 209-njy kwartalyndaky 39-njy ýaşaýyş jaýyna göçürilip, hassalary şol ýerde kabul etmeli edildi.

Poliklinikanyň, özüniň atlandyrylmasyzlygyny soran bir lukmanynyň gürrüňinden çen tutsaň, onda agzalýan döwürde, onuň öz sözi bilen aýdylanda, umumy “başagaýlyk” bolupdyr.

“Haýsy işgäriň, ýagny ginekologyň, diş, burun, gulak lukmanlarynyň... nirä iberiljekdigi düşnüksizdi. Bu ýagdaý biz – lukmanlarda başagaýlyk döreden bolsa, adaty adamlara has hem ýaramaz täsir ýetirdi” diýip, poliklinikanyň lukmany şol göçe-göçlügi ýatlaýar.

225-nji kwartalyň Sähet atly ýaşaýjysy özüne gerekli lukmany tapmak üçin “tutuş şäheri sökmeli” bolandygyny aýdýar: “Gulagymdaky agyra seretdirjekdim. Ilki bilen saglygy anyklaýyş bölümine bardym. Ol ýerden 209-njy kwartaldaky jaýa ýolladylar, ol ýerden hem gerekli lukmanyň Çagalar saglyk öýüne geçirilendigini aýtdylar. Ol ýere barsam-da, Stomatologiýa merkezine iberdiler”.

Şol bir wagtda, göçürilen lukmanlaryň käbiri “täze” ýerlerinde degişli şertleriň ýokdugyndan zeýrenýärler. Şäheriň Anyklaýyş merkezine göçürilen Oraz atly lukman ini 3 metr, uzynlygy 5 metrlik otaglarda dört lukman bolup oturýandyklaryny aýdýar: “Üstesine-de, stol, stul... Her lukmanyň ýanyna-da bir hassa gelýär. Bulardan bir şert bolamy? Hassalaryň hem ýüzbe-ýüz aýdylmaly şahsy meselelerini, otagdaky beýleki adamlardan çekinip, aýtmaýan halatlary bolýar”.

Gürrüňi gidýän keselhananyň binasynyň heňländigini, diwarlarynyň çygjaryp durandygyny hem görse bolýar. Saglygy anyklaýyş merkezinde diňe iki sany hajathana bar, olaram diňe lukmanlar üçin niýetlenen.

Diş bejeriş merkezinde poliklinikanyň lukmanlary üçin aýratyn bir gat bölünip berildi. Emma, muňa garamazdan, hem ýeriň darlyk edýändigini görse bolýar. Mysal üçin, rentgen we diş, gulak, bokurdak bölümleriniň arasyna diňe tuty tutulypdyr.

Balkanabadyň 1-nji saglyk öýüniň abatalaýyş işleriniň haçan gutarjakdygy barada hiç hili resmi maglumat berilmeýär. Türkmen gurluşyk kärhanasy tarapyndan alnyp barylmaly işleriň ençeme aýlap durýan wagty hem bolýar.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, lukmanlar poliklinikanyň abatlaýyş işleri üçin hökümet tarapyndan serişde goýberilse-de, aprel aýynda özleriniň aýlyk haklaryndan 450 manat tutulyp alnandygyny aýdýarlar.

Balkanabat Türkmenistanyň günbataryndaky Balkan welaýatynyň merkezi şäheri we onuň ilatynyň 120 müň töweregi adama deňdigi aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG