Sepleriň elýeterliligi

“Arkadag” seýilgähi açylýar


2014-nji ýylyň noýabr aýynda gurluşygy başlanan "Arkadag" seýilgähini ýerli gurluşykçylar gurdular.

2014-nji ýylyň noýabr aýynda gurluşygy başlanan "Arkadag" seýilgähini ýerli gurluşykçylar gurdular.

Şu gün ýurt boýunça Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedowyň doglan güni bellenýär. Resmi bolmadyk bu baýramçylyga gabatlap, şu gün paýtagtyň merkezinde "Arkadag" atly seýilgäh açylýar. Ol A.Nyýazow köçesiniň ugrunda, "Oguzkent" myhmanhanasynyň golaýynda ýerleşýär. Parkyň boýy 400 we ini-de 200 metrden gowrak.

Seýilgähiň ortarasynda mermer bilen örtülen uly arka gurlup, onda prezidentiň ak silkme telpekli, gyrmyzy donly düşen suraty asylypdyr.

Portretiň her gapdalynda çarpaýa galyp duran iki sany at şekillendirilipdir. Parkyň girelgesinde bolsa halynyň iki sany göli görnüşindäki fontan gurlupdyr. Seýilgähe dynç almaga gelenler üçin birnäçe bassyrmalar gurlupdyr.

Seýilgähde kafe meňzeş bassyrmaly kiçeňräk binajyk hem bar. Seýilgähde çagalar üçin hiňňilikler hem goýlupdyr. Bulardan başga ol ýerde hiç hili bina ýok.

Häzir bu ýerde şu günki açylyş dabarasyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Seýilgähiň ortarasyndaky arkanyň öňünde emeli sahna gurulupdyr. Bu sahnada çykyş etjek artistlere tomaşa etjek tomaşaçylar üçin stullar goýlupdyr.

Açylyş dabarasyna ýurduň ýokary wezipeli ýolbaşçylarynyň gatnaşjakdygy aýdylýar. Emma şol bir wagtda hem prezident Berdimuhamedwyň bu çärä gatnaşyp-gatnaşmajakdygy barda maglumat ýok. Ýatlap geçsek, maý aýynda açylan ”Arkadag” binasynyň dabarasyna hem prezident gatnaşmandy.

2014-nji ýylyň noýabr aýynda gurluşygy başlanan "Arkadag" seýilgähini ýerli gurluşykçylar gurdular. Seýilgähiň proýektini “Çeper gurluşyk” hususy kärhanasy çyzypdyr. Onuň gurluşygyny bolsa “Ussat” golçur kärhanasy amala aşyrypdyr.

Şu ýyl Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow 58 ýaşaýar. Berdimuhamedow prezident bolany bäri her ýyl onuň doglan güni ýurt boýunça bellenýär.

Berdimuhamedowyň doglan gününiň öňüsyrasynda ýurt boýunça medeniýet hepdeligi hem geçirilýär. Birnäçe ýyl bäri, bu hepdeligiň ahyry prezidentiň doglan gününe utgaşýar.

2011-nji ýylda prezidentiň doglan gününde daşary ýurt aýdymçylarynyň konsertinde onuň özüniň aýtmagyndaky “Saňa meniň ak güllerim” atly serenada-aýdymynyň wideoýazgysy hem görkezildi.

Prezidentiň 2013-nji ýylda bolan doglan gününde bolsa meşhur amerikan aýdymçysy Jennifer Lopes “Happy birthday, mr. President!” aýdymyny aýtdy.

Ýatlap geçsek, şu günki açylýan seýilgäh prezident G.Berdimuhamedowyň adyny göterýän üçünji obýekt bolýar. Mundan ozal 2009-njy ýylda Marydaky metjide prezidentiň ady dakylypdy. Häzir ol metjit Gurbanguly hajy adyny göterýär. Şu ýylyň maý aýynda bolsa Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli "Arkadag" binasy açyldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG