Sepleriň elýeterliligi

Eýran: ýadro meselesinde ylalaşyga gelip biler


Eýranyň daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif.

Eýranyň daşary işler ministri Muhammad Jawad Zarif.

Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif 27-nji iýunda Wenada žurnalistlere: beýleki tarap "çendenaşa talaplary" goýmasa, Eýran ýadro meselesinde dünýäniň güýçli döwletleri bilen ylalaşyga geler diýdi.

Zarif Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri bilen gepleşik geçirýär. Ozal bu gepleşikleriň belli bir netije bermeli ahyrky möhleti diýip 30-njy iýun göz öňünde tutulypdy. Ýöne resmiler bu möhletiň ýene 2-3 gün uzaldylmagyna garaşýarlar.

Zarifiň aýtmagyna görä, gepleşikleri alyp barýan taraplar bu işde öňegidişlik gazanmak üçin köp tagalla edipdirler.

“Ähli sanksiýalar ýatyrylmaly”

Eýranyň daşary işler ministri Waşingtonyň öz üstüne alan borçlaryny ýerine ýetirmelidigini nygtady: "Biz beýleki tarapyň öz borçlaryny ýerine ýetirip, wadasynda durmagyny tutanýerlilik bilen talap etmegi dowam etdireris, aýratyn-da sanksiýalaryň, ähli sanksiýalaryň ýatyrylmagy barada. Ykdysady we maliýe sanksiýalary haýal etmän ýatyrylmaly. Ähli sanksiýalar, Howpsuzlyk Geňeşiniň sanksiýalary-da soňlanmaly".

Zarifiň pikiriçe, hemmä peýdaly ylalaşyk görnüp dur: "Bular biziň gepleşik geçirýän partnýorlarymyzdan çynlakaý syýasy karary talap edýän möhüm meseleler. Olar bu çynlakaý kararlara taýýar bolsalar, meniň pikirimçe, hemmelere peýdaly bir gowy ylalaşyk elýeterde".

Gepleşikleriň gidişi

Eýran tarapyndan gepleşik geçirýän topara degişli Abbas Arakçynyň aýtmagyna görä, gepleşikleriň gidişi haýal hem kyn bolupdyr. Onuň çaklamagyna görä, aprel aýynda Luzanda gelnen ylalaşyklaryň bir bölegini indi ýerine ýetirip bolmaz. Munuň sebäbi hem beýleki ýurtlaryň öz tutumlaryny üýtgedenliginde.

Arakçy Eýranyň arap dilinde gepleşik berýän "Al Alam" telekanalyna "Biz Luzanda käbir meselelere çözgüt tapdyk, ýöne meseleleriň käbiri çözgütsiz galdy" diýdi.

Arakçy soňra hem "Luzanda tapylan çözgütleriň birnäçesi indi ýörgünli däl. Sebäbi Luzandan soňra 5+1-iň içindäki belli döwletler beýanat berdiler. Biz olaryň tutumynda üýtgemeleriň bolandygyny görýäris. Bu bolsa işi çylşyrymlaşdyrýar" diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

Eýran bilen dünýäniň alty güýçli döwleti Tähranyň jedelli ýadro programmasyny ykdysady sanksiýary ýeňletmek bilen jylawlamak üçin ylalaşygyň ýollaryny gözleýärler.

Taraplaryň arasyndaky esasy pikir tapawudy sanksiýalary ýeňilleşdirmek tapgyry bilen, Tähranyň aldawa ýüz urman, ylalaşygy doly ýerine ýetirmegini üpjün etmek üçin edilmeli gözegçilik mehanizmleri barada.

Iňlisçeden terjime eden Araz Perwiş.

XS
SM
MD
LG