Sepleriň elýeterliligi

“Yslam döwleti” ors dilinde žurnal çykarýar


“YD-ä” degişli “Al-Haýat” atly metbugat organynyň websaýtynda "Gözbaş" atly žurnalyň çykarylyp başlanandygy barada berlen habardan bir bölek.

“YD-ä” degişli “Al-Haýat” atly metbugat organynyň websaýtynda "Gözbaş" atly žurnalyň çykarylyp başlanandygy barada berlen habardan bir bölek.

“Yslam döwletiniň” (YD) Twitter sosial ulgamyndaky orsça sahypasynda aýdylyşyna görä, “YD-ä” degişli “Al-Haýat” atly metbugat organy “Gözbaş” atly žurnal çykaryp başlapdyr.

“Gözbaş” atly žurnaly görenleriň ýadyna derrew iňlis dilinde çap edilýän “Dabiq” (Dabik) žurnaly düşýär. “Gözbaş” žurnalynyň içinde Gurhandan we Hadyslardan getirilen mysallar bilen birlikde gülüp duran jeňçileriň “YD-niň” gara baýdagy bilen duran suratlary ýerleşdirilipdir. Ýöne , eger bar ünsüňi berip synlasaň, onda iňilsçe žurnal bilen “Gözbaş” atly žurnalyň mazmun taýdan tapawutlanýandygyny görse bolýar. “Dabiq” atly žurnal artykmaç “pidakeşlik” äheňinde ýazylansoň, ol göýä erkek adamlaryň döwrebap žurnaly ýaly bolup görünýär. “Gözbaş” atly žurnal bolsa oňa görä has içgysgynç görünýär.

“Dabiq” atly žurnalyň iki hepde mundan owal çykan sanynda dildüwşük teoriýalary we gizlin planlar hakda söz açylypdyr. Žurnalyň daşynda “Olar planlaşdyrýar, ýöne Alla çözýär” diýen sözbaşy bilen ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerriniň suraty görkezilipdir. Žurnaldaky “Halyfatda saglygy saklaýyş” atly makalada bolsa, “YD” bir terrorçylyk guramasy däl-de, eýse hakyky bir döwlet ýaly görkezilmäge synanyşylypdyr.

Esasy makala

“Gözbaş” žurnalynyň ýedi sahypalyk esasy makalasynda, awtor Çeçenistanda “rehimsiz ors häkimiýetine garşy” söweşendigini gürrüň bermek bilen, soň näme üçin başga gurama däl-de, hut “Yslam döwletiniň” hataryna goşulandygyny düşündiripdir.

Umar al-Şişani.

Umar al-Şişani.

Žurnalyň galan bölegi bolsa “Halyfa” bagyş edilipdir. Şol bölümde halyfyň eden çykyşlary bilen bir hatarda yslam dinindäki halyf bilen baglanyşykly materiallar çap edilipdir. Ol bölüm şeýle-de jeňçileriň atyň ýa-da tankyň üstünde düşen illýustratiw suratlary bilen bezelipdir.

“Gözbaş” – “YD” toparynyň ilkinji iňlisçe bolmadyk žurnaly däldir. Mundan owal fransuz dilinde hem “Dar al-Islam” atly bir žurnal çap edilipdir.

Ekstremizm baradaky barlag merkeziniň hünärmeni Kuilliýam Şarli Uniten bolsa “Dar al-Islam” žurnalynyň “Al Haýat” üçin ýeterlik bolmandygyny belleýär.

"Gözbaşy" kim çykarýar?

“Gözbaş” žurnalynyň birinji sanyndaky materiallarynyň awtorynyň kimdigi barasynda maglumat berilmeýär. Meýdan serkerdesi Umar al-Şişani (Tarhan Batiraşwili) bilen içgin aragatnaşyk saklaýan demirgazyk Kawkazdan Yraga uruşmaga giden bir söweşiji toparyň žurnalyň üstünde ýörite işländigi çak edilýär. Ol jeňçileriň hatarynda etniki gelip çykyşy garaçaý halkyndan bolan Abu Jihad (Islam Atabiýew), Umar al-Şişani bilen wideo düşenden soň geçen ýyl Siriýa giden “Kawkaz emirligi” atly toparyň baştutany Doku Umarowyň ýarany hasaplanýan çeçen Ahmad Çataýew ýalylar bar.

“Gözbaş” žurnalynyň esasy makalasynda Batiraşwili bilen Atabiýewiň 2013-nji ýylda näme sebäpden “Kawkaz emirligi” bilen baglanyşykly “Jaýş al-muhajirin al-Ansar” toparynyň hataryndan çykyp, “YD-niň” baştutany Abu Bakr al-Bagdada kasam bilen tabyn bolandyklary gürrüň berlipdir.

Awtor, “Jaýş al-muhajirin al-Ansar” toparynyň demirgazyk kawkazly jeňçileriň öz watanyna dolanyp, ol ýerde uruşmagy dowam etmegine garşy çykandygyny we bu barada Batiraşwiliniň 2014-nji ýylda ýaýradylan wideoçykyşynda hem aýdandygyny ýazypdyr.

Soňky döwürlerde Atabiýewiň topary demirgazyk kawkazly jeňçileriň “Yslam döwletine” wepalylyk bilen tabyndyklary babatda ant içmegi üçin edýän tagallalaryny hasam ýaýbaňlandyrypdyr. Bu tagalla, aprel aýynda Dagystanda Aliashab Kebekowyň (Ali Abu Muhammad) öldürilmeginden soň demirgazyk kawkazly jeňçileriň dolanşygyna edilýän gysyşlar bilen bir hatarda amala aşyrylýar. Magomed Suleýmanowyň, ýa-da beýleki ady bilen - Abu Usman Gimrinskiniň “Kawkaz emirligine” täze lider hökmünde saýlanandygy habar berlenem bolsa, bu barada resmi bildiriş çap edilmändir.

Soňky hepdelerde Atabiýewiň toparyna Dagystandan täze agzalar gelip goşulypdyr. Olaryň arasynda iki sany meşhur jyhad tagallaçysy Ahmed Medinskiý bilen Nadir Abu Halid (Nadir Metodow) hem bar. Metodow 2014-nji ýylyň oktýabr aýynda Dagystanda tussag edilipdir. Ýöne ol Atabiýew bilen Yrakda düşürilen we bu hepde ýaýradylan bir täze wideoda özüni görkezipdir.

“Gözbaş” žurnalynyň Siriýa bilen Yrakda uruşýan ors dilli söweşijileriň ünsüni çekip-çekmejekdigini häzirlikçe öňünden aýtmak kyn.

XS
SM
MD
LG