Sepleriň elýeterliligi

“YD-i” iki zenanyň kellesini kesdi


"Yslam döwleti" atly toparyň söweşijileri.

"Yslam döwleti" atly toparyň söweşijileri.

“Yslam döwleti” atly ekstremist topar Siriýada iki zenanyň kellesini kesip öldürmek arkaly ilkinji gezek parahat ilatdan zenanlaryň kellesini kesdi diýip, synçy topar aýdýar.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy toparyň 30-njy iýunda beren maglumatyna görä, bu zenanlar we olaryň adamsy “jadygöýlükde we gözbagçylykda” aýyplanypdyrlar.

Synçy toparyň maglumatyna görä, bu adam öldürmeler 28-29-njy iýunda Siriýanyň gündogaryndaky Deir al-Zor welaýatynda aýry-aýrylykda amala aşyrylypdyr. Bu iki wakada hem zenanlar öz adamsy bilen birlikde öldürilipdir.

“Yslam döwleti” atly topar elhenç adam öldürmeleri bilen tanalýar we ýakynda bu toparyň bir zenany zyna etmekde aýyplap, daşlap öldürendigi habar berilýär.

XS
SM
MD
LG